Şu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy, edim-gylymlarymyzy öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler, gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan sünnälenip çykýan el işleriniň görnüşleri, maşgala mukaddesligi, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň bu ugurda görkezýän nusgalyk göreldesi hem-de ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forumyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.