Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy baradaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şu jähetden, häzirki wagtda eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, Türkmenbaşy etrap sport mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda etrap sport desgasynda mekdep okuwçylarynyň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşik sporta höwesjeň ýaşlary etrabyň sport merkezine jemledi. Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara dabaraly ýagdaýda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
GÜLBAGT PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.