Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň karary bilen tassyklanan nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekden, ony ýaş nesle ýetirmekden, şeýle hem bagtyýar ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol ýörelgelerimize bolan söýgini artdyrmakdan, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekden, ýaş zehinli şahyrlary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen welaýatymyzyň ýaş şahyrlarynyň arasynda «Ylhamly ýaşlar Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik 4 şertden ybarat bolup, eminler topary tarapyndan baha berilip Esenguly etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gurbanowa Humaý, Esenguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hojamseýidow Söhbet, Esenguly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Myradowa Bibimahym, Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Çopanowa Ogulnäzik, «Türkmennebit» DK-niň TNGIZT-niň 15-nji sehiniň maşinisti Amanow Ybraýymjelil dagylar ýeňiji boldular. Ýeňiji bolan ýaşlara we höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda döredijilik bäsleşigine gatnaşan ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.