Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşi, Bereket etrap bilim bölümi, Bereket etrabynyň Polisiýa bölümi, TDMG-nyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň Gyzylarbat etrap bölümi, TKA-nyň Bereket etrap birleşmesi, bilen bilelikde etrabyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çärede çykyş edenler 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek, okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlary durmuş ýoluna taýýarlamak we olary öz saýlap alan hünärleri boýunça ýokary okuw mekdeplerine şeýle hem daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine ugrukdyrmak barada giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlar hakynda çuňňur alada edýän hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Gülälek ARAZMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.