«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlaryň gatnaşmaklarynda soňky jaň dabarasyny guramaçylykly geçirmek, tertip-düzgüni berk berjaý etmekligi okuwçylara düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşi, etrabyň Polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 20-nji orta mekdebiniň uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi we sazlaşykly ösüşi bilen bagly meseleler ilkinji orunda goýulýar. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Soňky jaň dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirip şol gün mekdep okuwçylarynyň arasynda tertip-düzgüni berk berjaý etmelidigini, okuwçylaryň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy barada aýratyn belläp geçdiler.
Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.