AŞGABAT-AK ARZUWLARYŇ ŞÄHERI

       Dünýäde biri-birinden zyýada şäherler köp. Emma şeýle bir şäherler bar, özüne, adyna, taryhyna we şu gününe, milliligine mahsus ajaýyplyklary bilen göreniň nazaryny egleýär. Biziň ata Watanymyzyň paýtagty-ine, şeýle şäher. Aşgabada bir gelen adam ýene-de gelmegi arzuwlaýar. Türkmen ertekileriniň birinde aýdylyşy ýaly, ony görenem armanda, görmedigem. Aşgabat türkmeniň kalby deý ak, zandy ýaly tämiz şäher. Onuň başy bulutlary sermeýän her bir binasynda, çar ýana uzaýan ak ýollarynda türkmeniň ruhunyň beýany aýdyň bildirip dur. Paýtagtymyz şöhratly we baý taryhymyzy, şuglaly şu günümizi, beýik geljegimizi şöhlelendirýär.

       Aşgabat şäheri eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu gün hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatsöýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar. Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär.

       Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de  nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir.

       Paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligi, asudalygy, rahatlygy ähli döwürlerde hem ýazyjy şahyrlaryň ylhamyny joşduryp gelipdir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Umuman gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalar bu ady agzalýan meşhur kitapda ajaýyp orun alýar. Şeýle hem bagtyň mesgeni Türkmenistan ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde ak mermerli binalardan kerwen böleginde, Köpetdagyň eteginde seleňläp duran akyldaryň heýkeliniň gurulmagynda aýratyn many bar. Äpet ýadygärligiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylmagy biz ýaşlary has hem buýsandyrýar, begendirýär.

       Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp bizi şeýle döwletli döwranyň eýesi edýän, her bir işde bize görelde mekdebi bolup durýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini döwet galamlarynyň mundan beýläkde ýiti bolmaklaryny tüýs ýüregimden arzuw edýärin!

 

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR