SOŇKY JAŇ DABARASY

    Ynsanyň durmuşynda ilkinji gezek bolup geçýän her bir hadysa onuň hakydasynda hemişelik galýar. Ylaýta-da, ýakymly pursatlar ynsanyň ýatlamalar dünýäsinde öçmejek yz galdyrýar. Şeýle ýakymly ýatlamalaryň biri, megerem, 25-nji maý — «Soňky jaň» dabarasy bolsa gerek. Bu dabara belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlaryň durmuşynda iň bagtyýar pursatlaryň biri hökmünde orun alar 25-nji maýda bilimiň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem rowaçlygyň mekany bolan Aşgabat şäheriniň güni ýaşlaryň kalbyny heýjana salýan «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşykly toýlandy. Şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat Baş Bilim müdirligi, welaýat jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary guraldy. Bu gün özbaşdak durmuşa gadam basýan uçurymlar üçin joşgunly we tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Täze okuw ýylynda ilkinji gezek mekdebe barjak körpelere bilimler dünýäsiniň altyn açary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Uçurymlara beýik menzillere ýetmäge ak pata berildi. Mekdep mugallymlary öz okuwçylarynyň ýene bir tapgyryny kämillik ýoluna ugratdylar. Ol gün ýaşlaryň, ata-eneleriň, mugallymlaryň adyna şirin sözler, süýji arzuwlar aýdyldy. Hormatly Prezidentimize alkyşlar has-da joşgunly ýaňlandy. Uçurymlar üçin säher bilen Balkanabat şäheriniň Baş Baýdak meýdançasynyyň öňünde gül desselerini goýmak dabarasy guraldy we Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guralyp, baýramçylyk dabaralary Balkan welaýat Kitaphanasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Has tapawutlanan uçurymlara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzda ylym-bilim öwrenip, öz zehin-başarnyklaryny yzygiderli artdyrýan ýaş nesillere uly ynam bildirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan beýik işler, döredilýän giň mümkinçilikler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Çünki ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar babatdaky tutumly işleriň ählisi ýaş nesilleriň eşretli durmuşyna gönükdirilýär. Çünki ýaşlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň synmaz sütünine, röwşen ertirine deňelýär. Bu ýyl ak mekdebi tamamlaýan uçurymlar hem geljekde kämil hünär öwrenip, ýurdumyzyň belent ösüşlerine mynasyp goşant goşarlar, ata Watanymyzyň daýanjy bolarlar. Goý, halkymyzyň abadan durmuşy, ýaşlaryň ýagty geljegi ugrunda ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR