SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ýokary derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmäge uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ‹‹Saglygym baş baýlygym›› ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirdi.

     Ýaşlary beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek eziz Diýarymyzda öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Çekeleşikli geçen bäsleşikler etrabyň ýaşlarynyň sporta bolan höwesini has-da güýçlendirdi. Bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

     Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň beden taýdan berk, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Abat MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR