AK ÝOL ARZUW EDILDI

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toýdur dabaralar giň gerime eýe bolýar. Bu şanly wakalara ýurdumyzyň ýaş nesilleri-de işjeň gatnaşýarlar. Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Iň soňky jaň dabaralaryna» görülýän taýýarlyk işleri Arkadag şäherinde hem guramaçylykly alnyp baryldy. Kalplary buýsançly mekdep uçurymlary bolsa uly joşgun bilen ak ýollara sary ugrukdyrýan bu toýy ýokary ruhubelentlikde garşylaýarlar. Ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Iň soňky jaň dabaralaryny» ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýörite iş meýilnamasy tassyklanyldy.

     Şol meýilnama laýyklykda şu günler Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri, medeni-köpçülikleýin işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň hatarynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri, gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, öňde durýan wezipeleri wagyz etmek, şeýle-de Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Iň soňky jaň dabaralarynyň» ýokary guramaçylykly geçirilmegini we oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Olaryň her birinde ýurdumyzda ýaşlaryň kämil geljegini gurmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, türkmençilik ýol-ýörelgeleri we edep-terbiýe babatynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY