Magtymguly Pyragy köňülleriň, ýürekleriň hem-de ähli döwürleriň şahyry. Ol umumadamzat gymmatlyklaryna egsilmez goşant goşan söz ussady. Şonuň üçin hem onuň döredijilik we ömür ýoly nesiller üçin belent nusgalyk mekdep hökmünde mynasyp öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly setirlerinde bolsa Magtymguly atamyzyň sarpasy has çuň, has aýdyň we has ajaýyp şahyrana äheňde nygtalýar:
Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Gahryman Arkadagymyz: “Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr” diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň eserlerinde we taryhy çykyşlarynda ady uly sarpa bilen tutulýan Magtymguly atamyzyň baý edebi mirasy döwrümiziň nesillerini ýetişdirmekde, olara terbiýe bermekde, ylym öwretmekde, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde we hünäre ugrukdyrmakda hem ýokary ähmiýete eýedir. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň kämil paýhasynyň nesilleri we döwürleri özara baglanyşdyrandygyndan hem-de geljege tarap ugur alandygyndan alamatdyr.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussady, dünýä edebiýatynda mynasyp orna eýe bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli alymlaryň, edebiýatçylaryň üns merkezinde saklanýar. Türkmen halky öz beýik geçmişine sarpa goýýan, belent şahsyýetlerini hormatlaýan millet hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigi türkmeniň ruhy seždegähi Magtymguly Pyraga goýulýan ebedilik hormatyň mysalynda hem aýdyň duýulýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilmeginde hem göz ýetirmek bolýar.
Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Akyldaryň hormatyna bina edilen bu ajaýyp ýadygärligiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylmagy toýuň şowhunyny artdyran taryhy waka boldy.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň alyjenaby Magtymguly Pyragy
diýip, şahyryň hormatyna söz heýkelini bina eden Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan binýady tutulan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de medeni-seýilgäh toplumynyň uly şatlyk-şowhuna beslenip açylmagy bütin halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi, bir tarapdan Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä ýüzüne ýaýylandygyny görkezse, beýleki bir tarapdan, ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Milli mirasymyzy, edebiýatymyzy we medeniýetimizi dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslenip has-da rowaçlansyn!
Döwran MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.