Söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragy adamzat paýhasynyň ösüşine saldamly goşant goşan beýik şahyrdyr. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä poeziýasynyň gymmatly hazynasyna deňelýär. Häzirki wagtda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemek boýunça dünýäniň onlarça döwletlerinde dabaralar geçirilýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr forumlar aýdylanlary doly tassyklaýar.
Magtymguly Pyragynyň heýkelleri dünýä döwletleriniň, has dogrusy Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Russiýa Fedarasiýasynyň Astrahan oblastynda, Stawrapol ülkesinde dikeldildi. Magtymguly Pyragynyň ak şäherimiz Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde dikeldilen 60 metrlik ýadygärligi bolsa akyldar şahyryň şanyna gurlan heýkelleriň iň beýigidir.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl hem ynsanperwer syýasaty netijesinde Magtymgulynyň agzybir, asuda durmuşda ýaşamak, dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, hoşniýetli gatnaşyklaryň dowamly bolmagy baradaky arzuwlary bu günki gün wysalyna gowuşdy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň nepis söz sungatynyň ýokary derejesine ýetirilmegi türkmen edebiýatynyň galkynmagyna getirdi. Şonuň üçinem, halkyň taryhyna, şu gününe we ertirine, ruhy ösüşine köküni baglan Magtymgulynyň müň öwüşginli şahyrana dünýäsi bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýä ýaýraýar, dünýä dillerine terjime edilýär. Bu bolsa, şahyryň eserleriniň dünýäniň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.
Üstünden üç asyr geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik akyldar şahyrynyň şygyrlary häzirki günlerimize çenli öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alyp gelýär. Çünki, akyldar şahyryň eserleri we edebi mirasy her bir adam üçin gözellik we ylham çeşmesidir, dünýä akyl ýetirmegiň nusgasydyr, kämil durmuş mekdebidir. Şu nukdaýnazardan hem dana Pyragynyň eserleriniň ýygyndylary yzygiderli neşir edilip halka ýetirilýär. Ýaňy ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilmegi «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyran möhüm wakalaryň birine öwrülip goşa-goşadan gelýän toýlaryň şowhunyny artdyrdy.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – pähim-paýhas ummany. Her bir teşnäniň suwsuzlygyny gandyrýan şol paýhas ummany biz ýaşlara örän uly terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldar şahyryň öwüt-ündewe eýlenen döredijiligini öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän edebi mirasymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri dowamat dowam bolsun!
Yhlas NAZARGYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.