Türkmen topragy dünýä nusga bolan alymlaryň, ýazyjylaryň, beýik danalaryň kemala gelen mukaddes topragydyr. Halkyň erkinligine we bu mizemez hakykata aýdyňlygy bilen düşünen, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Magtymguly Pyragy hem manyly ömrüni boýdan-başa türkmen halkynyň agzybirligi we erkinligi ugrundaky göreşe bagyşlapdyr. Akyldar şahyr özüniň jöwher yhlasyndan, ýiti şahyrana zehininden dörän, çuň many-mazmuna eýe bolan döredijiliginde harby-gahrymançylyk, watançylyk meselesini, halkyň durmuş ýagdaýyny has giňden şöhlelendiripdir. Halkyň aňynda müdimi at alan söz ussadynyň beýikligi hakynda näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Şygryýet äleminde özüniň ölmez-ýitmez şygyrlary bilen indi gaýtalanmajak çeper pikirleri miras goýmagy başaran söz ussadynyň mertebesi günsaýyn beýgelýär. Bu belentlikleri deňeşdirmegimiziň hem öz sebäbi bar. Muny delillendirjek bolsak, Kerim Gurbannepesowyň:
Aýa çykyp ýazaý, şahyr bolmarsyň,
Beýik Pyragynyň üstünden böküp -
diýen setirlerini mysal getiräýmek galýar. At-owazasy ýedi yklyma dolan şahyryň goşgularynyň gadyr-gymmaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýäniň söz ussadyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabara bilen bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreler amala aşyrylýar. Aýratyn hem, Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan üstümizdäki ýylymyzyň «Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi has-da buýsandyryjydyr. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, türki dilli edebiýatyň taryhynda hem uly öwrülişigi döreden şahyr. Bu barada akademik W.Bartold «Ähli türki halklaryň arasynda diňe türkmenleriň öz milli şahyry Magtymgulysy bar» diýip belleýär. Magtymgulynyň döwrüne çenli bolan, türki dilli edebiýatda, şol sanda türkmen edebiýatynda hem umumy halk durmuşy aýdyň suratlandyrylmandyr. Şeýle hem akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öňki türki dilli edebiýatdan tapawutlandyrýan ýagdaý, onuň şygyrlarynda beýan edilýän anyk taryhylykdyr. Akyldaryň eserleri ABŞ, Angliýa, Azerbaýjan, Balgar, Belarus, BAE, Çehiýa, Eýran, Estoniýa, Ermenistan, Fransiýa, Gazagystan, Garagalpagystan, Germaniýa, Gyrgyzystan, Gruziýa, Hytaý, Kabardin, Latwiýa, Litwa, Mongoliýa, Moldowa, Owganystan, Özbegistan, Pakistan, Polşa, Russiýa, Tatarystan, Täjigistan, Türkiýe, Ukraina, Wengriýa ýaly ýurtlarda neşir edildi. Edil häzirki wagtda hem Türkiýäniň Ankara, Stambul, Konýa şäherlerinde Türkiýe—Türkmenistan dostluk jemgyýetleri hereket edip, bu jemgyýetlerde «Magtymgulynyň neşirleri», «Magtymguly diwany» atly žurnallar çap edilýär. Her ýyl Türkiýäniň şäherlerinde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirilýär we bu baýramçylyk günlerinde şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça çykyşlar edilýär hem-de onuň ajaýyp goşgulary okalýar. Bu bolsa, akyldaryň beýik poeziýasynyň bütin dünýä ýüzünde baky şugla saçjakdygyna güwä geçýär. Şeýle hem Magtymgulynyň ýadygärlikleriniň Eýranyň Horasan welaýatynyň Aktokaý diýen ýerinde, Russiýa Federasiýasynyň Stawrapol ülkesinde, Astrahan şäherinde, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Türkiýede we Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Hywa şäherinde, Tatarystanyň paýtagty Kazanda dikeldilmegi türkmeniň akyldar ogluna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Çeper edebiýatyň hem-de ähli köňülleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallasy bilen ýaňadan dünýä dolýar. Muňa beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan hem-de göz öňünde tutulýan çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabady etekläp oturan Köpetdagyň belentlikleriniň birinde başyny belent tutup duran Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli hormatly Prezidentimiziň ajaýyp geljegini nazarlaýan ýörelgeleriniň waspçysy bolup, uzaklardan seleňläp görünýär. Bu bolsa, dana şahyryň milli ruha baý gymmatly poeziýasynyň müdimiliginiň, onuň çeper edebiýatyň taryhynda we şu gününde, geljeginde baky ýaşajakdygynyň nyşanydyr. Milli mirasymyzy sarpalap, medeni gymmatlyklarymyzy barha dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.