MAGTYMGULYNYŇ POEZIÝASYNY RUS DILINDE BEÝAN EDEN USSATLAR

     Dünýä şygryýetinde öçmejek yz galdyran beýik şahyrlaryň biri-de türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň buýsançly sözlerinde akyldar şahyryň beýikligi «Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Beýik Ýaradana, Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetinden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. O1 diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr» diýip taryp edilýär.

     Beýik Pyragynyň ölmez-ýitmez şahyrana döredijiligi dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edildi we häzirki wagtda şygryýetiň hakyky gadyr-gymmatyny bilýänleriň aňynda hem-de ýüreginde mynasyp orun aldy. Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymgulynyň goşgularynyň terjime edilmegine gös-göni gatnaşan terjimeçileriň döredijilikli işiniň netijesinde neşir edilen kitaplardaky şygyrlaryň rus dilinde berlişiniň aýratynlyklaryny derňemek henize çenli derwaýys wezipe bolmagynda galýar. Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden şahyrlaryň, hünärmen terjimeçileriň köpüsi diňe bir çeper terjimede däl, eýsem edebi döredijilikde-de, ylmyň beýleki pudaklarynda-da saldamly iş bitiren halypalardyr. Olardan G.Şengeli, A.Tarkowskiý, S.Iwanow, M.Tarlowskiý, Ý.Gordiýenko, Ý.Neýman, N.Grebnýow, T.Spendiýarowa, W.Ganiýew, A.Krongauz, Ý.Waliç, A.Starostin, N.Lebedew, L.Penkowskiý, T.Streşnewa, A.Rewiç, S.Botwinnik, A.Zyrina we beýlekiler Magtymgulyny rus dilinde dünýä ýaýmakda köp zähmet çekdiler. Bu ýerde ady agzalan terjimeçileriň gazanan netijelerini terjime nazaryýetiniň we amalyýetiniň ýörelgeleriniň esasynda seljermek Magtymgulynyň goşgularynyň rus diline terjimesine mahsus aýratynlyklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.

     Rus şahyry, terjimeçi, filolog we edebiýatçy Magtymgulynyň döredijiligini rus dilinde halk köpçüligine ýaýratmakda uly goşant goşanaryň biri-de Georgiý Arkadýewiç Şengelidir. G.Şengeliniň Magtymgulynyň goşgularyny rus diline terjime etmekde uly ussatlyk görkezendigini bellemek gerek. G.Şengeli terjimäniň inçe tärlerini ulanmakda ýüze çykýan ýagdaýlar babatda şeýle belläp geçýär: «Eger-de şunuň ýaly nusgalary döretmek hemişe başardýan bolsady, onda terjimäniň düýpli meselesi baradaky, ýagny terjimeçiligiň aslynda «döredijilikli işmi ýa-da däl?» diýen manydaky sowal asla ýüze çykmazdy. Eseriň terjime edilen teksti hökman asyl nusgadaky mazmuna meňzeş bolmalydyr». Diýmek, asyl nusganyň tekstiniň mazmunynyň beýleki dilde barabar beýan edilmegi terjimeçilik sungatynyň ýokary derejesiniň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. G.Şengelini türkmen çeper edebiýatyny rus diline terjime etmek mekdebini esaslandyryjylaryň biri hökmünde ykrar edip bolar. Terjimeçilik işiniň netijeli amala aşyrylmagyna gönüden-göni ýolbaşçylyk edip, ol ökde hünärmenleriň mekdebini esaslandyrdy, hem-de öz başlan işlerini dowam etdirjek mynasyp nesli taýýarlady, olardan ilki bilen Arseniý Tarkowskiniň adyny agzap bolar.   

     Rus dilinde döredilen şygryýet äleminde Arseniý Tarkowskiniň mynasyp orun eýeleýändigini bellemek gerek. Hakykatdan hem, eger-de biz Arseniý Tarkowskiniň ýaşan döwrüne ýüzlensek, onda biz onuň döredijiliginiň poeziýanyň taryhynda «kümüş asyr» diýilýän döwür bilen şol döwrüň arasyndaky baglanyşdyryjy bolup durýandygyna göz ýetirýäris. Anna Ahmatowadan hem-de  Marina Swetaýewadan has ýaş hem bolsa Arseniý Tarkowskiý olar bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Şol nesliň  şahyrlarynyň däplerini öz döredijiligine siňdirmegi başarypdyr.

     A.A.Tarkowskiý Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana mirasyny rus diline terjime etmäge saldamly goşant goşdy. 1947-nji ýylda Arseniý Tarkowskiý Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Pöwrizä gelýär hem-de türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň eserlerini, şeýle-de garagalpak edebiýatyna degişli bolan «Kyrk gyz» poemasyny terjime etmek işine girişýär. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymgulynyň eserleriniň we garagalpak halkynyň «Kyrk gyz» şadessanynyň rus diline terjimesiniň üstünde işlemegi oňa uly abraý getirýär. A.Tarkowskiniň terjimesinde beýik Pyragynyň goşgulary ýiti, täsin, okyjyny şahyryň döredijilik dünýäsine aralaşdyryp, onuň öňdebaryjy garaýyşlary bilen ynsanperwer pikirleriniň sazlaşygyny aňmaga çagyrýar.

     1971-nji ýylda A.Tarkowskiý Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.

     Indiki meşhur ussatlaryň biri-de türki dillerden köp sanly eserleri, şol sanda Magtymgulynyň goşgydyr poemalaryny rus diline terjime eden şahyr, alym-türkşynas, filologik ylymlarynyň kandidaty, terjimeçi Sergeý Nikolaýewiç Iwanowdyr (1922–1999). S.Iwanowyň şowly işleriniň hatarynda XI asyryň iň meşhur eserleriniň biri – Ýusup  Balasagunlynyň «Kutatgu bilig» kitabynyň, şeýle-de Alyşir Nowaýynyň, Magtymguly Pyragynyň, Hafyz Horezminiň, Munisiň, Kamil Horezminiň, Birata Talybynyň, Hatamtaýyň, Çary Afzalyň, Ymadeddin Nesiminiň, Meşrebiniň, Muhammet Baburyň, Hüseýniň, Ýunus Emräniň ölmez-ýitmez döredijiliginiň terjimelerini agzap bolar.

     Magtymgulynyň şygryýetini rus diline terjime eden terjimeçileriň döredijilik stilleriniň, çeper aýratynlyklarynyň we ussatlyk derejesiniň köpdürliligine garamazdan, olaryň işleri bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Olar beýik Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligini, onuň öňdebaryjy, çuňňur ynsanperwer  pikirlerini dünýä ýaýmakda uly iş etdiler. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgylary dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem ruhy şamçyrag bolup nur saçýar.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER