Türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine, baýlaşmagyna düýpli goşant goşan, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyran ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şahyrana pikirleri jähtden haýran galdyrýar. XVIII asyr türkmen durmuşy, taryhy we syýasy wakalar, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, özüni kemala getiren halka bolan söýgi, durmuş meseleleri, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi tämizligi şahyryň döredijiliginde ymykly orun tapandyr.
Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony bütin adamzat şahyrana öwren ýagdaý onuň halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-gün hakdaky aladasydyr. Öz halkyňy söýüp, beýiklige, mertebä ýetip bolýar. Şahyryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky wesýetleri öz halkyna bolan beýik söýgüsiniň netijesidir.
Magtymguly Pyragy ahlaklylyk, päk söýgi, watançylyk barada söhbet edýär. Nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, päk ahlaklylyk duýgusy esasynda terbiýelemäge aýratyn üns berýär.
“Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi” diýip arzuwlan Dana akyldaryň köňül arzuwlary häzirki ajap döwrümizde amala aşýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp döwürde öz mähriban halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek ony geljekki bagtyýar nesillerimize ýetirmek we dünýä ýaýmak, halkymyzyň mizemez bitewüligini, agzybirligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada ägirt uly işleri durmuşa geçirýär.
Şahyryň edebi mirasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen täze mana eýe boldy. Ynsany ahlak arassalygyna, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä galkyndyrýan şygyrlary egsilmez ruhy çeşmä öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giňdir we gymmatly hazynadyr. Akyldar şahyryň döredijiligini, abraý-mertebesini dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Gülnur REJEPOWA,
“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet
goraghanasynyň hünärmeni.
TMÝG-niň işjeň agzasy.