S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň biologiýa we oba hojalygy ugurlarynyň talyplary üçin oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmek kadalarynyň häzirki zaman ulgamy barada onlaýn umumy sapaklary guraldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) bu okuwy oba hojalyk mallaryny kada boýunça iýmitlendirmek we iýmit önümleriniň ugurlary bilen tanyşdyrýar, şeýle hem gara mallary, dowarlary, oba hojalyk guşlaryny iýmitlendirmegiň aýratynlyklaryny beýan edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, sapaklaryň onlaýn görnüşi türkmen uniwersitetiniň mugallymlaryna we talyplaryna lektordan – weterinariýa kafedrasynyň professory, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent Aleksandr Lozowskä häzirki zaman weterinariýa bilen baglanyşykly wajyp sowallary berip, dialoga işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berýär.
Bilelikdäki sapaklar maldarçylykda öndürijiligi ýokarlandyrmaga, mallary kada boýunça iýmitlendirmekde bilimdir başarnygy ösdürmäge gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenportal.com