Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri halkara ylmy multikonferensiýanyň çäginde geçirilen «Математические методы в технике и технологиях» atly XXXVII halkara ylmy-maly maslahata gatnaşdylar.
Bu maslahat 2-8-nji iýun aralygynda Kazan şäherinde geçirildi.
Tatarstan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň, Russiýanyň Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň, KFU hem-de KNITU-KHTI taraplarynyň guramagynda geçirilen bu maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň uniwersitetleriniň, ylmy-taslama guramalarynyň, inžiniring kompaniýalarynyň, senagat kärhanalarynyň 100-den gowrak wekili gatnaşdy.
Türkmen toparyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden «Nebit we gaz turbalarynyň we ammar desgalarynyň dizaýny, gurluşygy we ulanylyşy» bölüminiň mugallymy Gadam Garaýew, «Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we işlemek» ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ilýa Luryýew hem-de «Nebit we gaz pudagynda logistika» ugrunyň 1-nji ýyl talyby Muhammet Rahmanow dagy wekilçilik etdi.
SalamNews