SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Golaýda TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda Gökdere jülgesiniň gözel künjeginde ýerleşýän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Altyn top» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen sport çäresinde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar özleriniň ukyp-başarnygyny görkezip, olaryň çalasynlygy, erjelligi we ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwlary hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändikleri mese-mälim duýuldy. Çärä gatnaşan körpejelere TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar berildi. Sport çäresine gatnaşyjylar döredip berilýän ähli mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar