Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen sport ýaryşynda çagalar özleriniň ukyp-başarnygyny görkezip, çäräniň şowhunyny has-da artdyrdylar. Uly ruhubelentlige beslenen bu ýaryşda işjeň gatnaşan körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Sport çäresine gatnaşanlar döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Batyrgeldi MYRADOW,
Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.