Ýaňy-ýakynda Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatynyň milli muzeýinde, şol muzeýde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda edilen çykyşlarda ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, perzent terbiýesi, zenan mertebesi dogrusynda, şeýle hem ýurdumyzda her bir maşgalanyň asuda bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän şertler barada uly buýsanç bilen bellenilip, şeýle eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.