Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmek maksady bilen «Sagdynlyk bagtyýar durmuşa binýat» atly sportuň uzak aralyga ylgamak, tanap çekmek, halkadan-halka bökmek, topy bir-birege geçirmek ýaly görnüşleri boýunça aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen sport bäsleşigine gatnaşan körpeje çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýdym-sazly sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesle uly ynam bildirip, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni