Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň mejlisler jaýynda, şol binada zähmet çekýän lukmanlaryň we şepagat uýalaryň gatnaşmagynda «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda sagdyn bedenli, Watana, il-güne wepaly, ýokary ahlakly, ruhubelent nesilleriň kemala gelmegi, olary fiziki taýdan sagdyn terbiýelemek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda buýsanç bilen bellenilip, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada nygtaldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahat geljegimiz barada atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.