Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda gülläp ösüşleriň täze tapgyry başlanyp, türkmeniň tugy asuda asmanda parahatçylygyň nyşany bolup parlaýar. Häzirki wagtda halkymyzyň ata-babalardan gelýän däp-dessuryna aýratyn hormat goýulyp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlaryň tutumy uludan tutulýar. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, Watanymyzyň mertebesini we at-abraýyny beýgeltmek, ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ýokarlandyrmak, däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi sarpalaýan wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.
Şu gün Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň güllän zamany – Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdymlarda döwrümiziň waspy giň beýanyny tapdy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar milli-mirasymyza, medeniýet-sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.