TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA GEÇIRILEN DUŞUŞYK

     Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy dokma toplumynyň, Aşgabat dokma toplumynyň hem-de Türkmenbaşy Jinsi toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalarynyň gurnamagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzda uludan bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda döwletimiziň ösüşinde medeniýetiň esasy wezipesiniň halkyň ruhy sagdynlygyny kemala getirýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Medeni mirasa döwletliligiň we ösüşiň ileri tutulýan wajyp serişdesi hökmünde garalýandygy şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, milli özboluşlylygyň aýnasy hasaplanýan medeniýetiň, sungatyň pajarlap ösmegi döwletiň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ruhy binýadyny emele getirýändigi barada bellenilip geçildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýet-sungatyň ösüşine giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Bilbil ANNAGURBANOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY