HÜNÄRLI GOLLAR

     Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkezinde «Bagtyýar nesillerimiziň buýsanjy» ady bilen uly şatlyk-şowhuna beslenen medeni çäre geçirildi. Bu çärede merkeziň gurnaklarynda tomusky dynç alyş möwsümini has peýdaly geçirýän çagalaryň çeken suratlarynyň, ýasan zatlarynyň sergisi guraldy. Gelen myhmanlar ýaş nesliň yhlasy bilen dörän ajaýyp eserleri höwes bilen synlap, olaryň Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Soňra çärä gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Altyn DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar