«BAGTYÝARLYGYŇ» GUJAGYNDA

     Sapaly tomusda ýurdumyzyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolýan ýaşlaryň wagtlarynyň şadyýan geçmegini gazanmak maksady bilen dürli mazmunly medeni çäreleri yzygiderli geçirýäris. Golaýda şeýle çäreleriň birini Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem geçirdik. Gahryman Arkadagymyzyň «Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen dürdäne sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary täze gözleglere we üstünliklere höweslendirmek maksady bilen «Kitap—akyl-paýhas çeşmesi» diýen at bilen geçiren çeper okaýyş bäsleşigini geçirdik. Bäsleşigiň dowamynda şadyýan ýaşlar Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlaryny okamak we ýatdan aýtmak boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige işjeň gatnaşanlary TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylagladyk.

 

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA