SAGDYN DURMUŞYŇ ÖZENI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ilatyň saglygy we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrundaky alada diňe bir üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň kanunlarynda öz beýanyny tapman, eýsem, lukmançylyk edaralarynyň işinde, şypahana, dynç alyş ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerde, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Biz hem bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmeleri halkyň arasynda wagyz etmek maksady bilen wagyz-ündew işlerini yzygiderli geçirýäris. Golaýda şeýle ähmiýetli çäreleriň birini Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde hem geçirdik. Oňa etrabymyzyň sport mekdepleriniň türgenleridir tälimçileri, lukmanlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

     «Sagdynlyk – bagtyýarlyk» diýen atly bu wagyz-nesihat çäresinde edilen çykyşlarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramak, olaryň geljekde sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrundaky özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Tälimçiler öz gezeginde ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň ilatyň durmuşyna ykjam ornaşmagy ugrundaky işleriň oňyn ähmiýetine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem sport mekdebiniň türgenleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa edildi.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA