BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA

     Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bagtyýar körpeler üçin birnäçe dynç alyş merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň gowy dynç almaklary, saglygyny dikeltmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Deňiz kenarynyň gije aýry, gündiz aýry gözelligi, kenar ýakasynyň jana ýakymly howasy adamyň ruhuny göterip, kalplara ylham joşgunyny bagyşlaýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary üçin guralýan dynç alyş çäreleri bolsa olaryň sagdyn ösmeklerine gönükdirilýär. Häzirki günlerde bu ýerde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň uly topary netijeli dynç alýarlar.

     Ýurdumyzyň dynç alyş merkezlerinde bagtyýar ýaşlaryň wagtlarynyň netijeli geçmegini gazanmak maksady bilen jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dürli mazmunly çärelerdir sport ýaryşlary hem geçirilýär. Bularyň ählisi bagtyýar çagalarymyzyň oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, göz-ýetiminiň giňemegi ugrundaky aladalardan nyşandyr. Ýaşlaryň nurana şu gününiň we röwşen ertirleriniň hatyrasyna şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

 

Nasiba ŞERALIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA