YLYMLY ÝAŞLAR — BERKARARLYGYŇ BINÝADY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda kämil nesil kemala getirmäge, jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar gelejegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň huhuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

     Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Bu bolsa döwrüň talabyna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň okamagy we zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmekde möhüm resminama bolup durýar. Şeýle hem bu maksatnama ýaşlaryň saglygyny goramaga, telekeçilik işi bilen meşgullanmaklaryny ösdürmäge, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmaga, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

     Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Ylymly ýaşlar— berkararlygyň binýady» diýen at bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Şöhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmenleri Melike Rozyýewa, Dursunjemal Saryýewa, Maýa Bäşimowa we Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa gatnaşdylar. Çykyşlarda häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň  arabaglanşygyny berkitmek ugrundaky edilýän işler hem aýratyn bellenilmelidir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we ylmy-barlag işlerine çekilýär, häzirki zaman ylmyndan habarly ýaş alymlaryň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalarynyň düzümini ýaş alymlar bilen berkitmek baradaky wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Ýaşlaryň ýürek buýsançlarynda ýaş nesle okamaga, bilim almaga giň ýollary açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidendimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.

 

Melike ROZYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR