ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

     Bagtyýarlyk döwrümizde aýna ýaly tekiz, döwrebap ýollar, giň köçeler gurlup halkymyza ulanylmaga berilýär. Abadan ýollarymyzda, parahat köçelerimizde elmydam asudalygyň höküm sürmegi üçin alada etmek bolsa, biz, ýaşlaryň jemgyýetiň öňündäki raýatlyk borjumyzdyr. Şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündürmek, çagalaryň köpçülik ýerlerde tertip-düzgünini berjaý etmegi endiklerine öwürmeklerini gazanmak maksady dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegine giň ähmiýet berýäris. Bilşimiz ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulanmagyny gazanmak maksady bilen ýeňil we ýük awtoulaglary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ak ýollarymyzyň bezegi bolup köçelerimizi doldurýar. Häzirki döwürde ýollarda ulag serişdeleriniň köplügi, köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegini talap edýär. Bu talap diňe bir sürüjileri däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylary hem ýollardan geçenlerinde örän dykgatly, hüşgär bolmaga borçlandyrýar. Bu wajyp meselä, ähli raýatlar, esasan-da, ene-atalar, terbiýeçiler we mugallymlar juda çynlakaý çemeleşip, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini yzygiderli düşündirip durmalydyrlar. Ynha, şu asylly maksat bilen Hojambaz etrabynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek çäreleri, okuw sapaklary giňden ýaýbaňlandyryldy.

     Çagalar baglarynda körpeleriň arasynda oýun, bäsleşik görnüşinde ýol hereketleriniň düzgünlerini ýatdagalyjy, ýeňil usulda öwredýän okuw-terbiýeçilik sapaklary geçirildi. Okuwlar çagalary özara bäsleşdirmek, ýol belgilerini tanamakda we ýol hereketini yşyklandyryjynyň buýruklaryny dürs ýerine ýetirmekde ýaryşdyrmak ýaly öwrediji oýunlary oýnatmak arkaly geçirildi. Sapaklary oýun usulynda geçirmek, çagalaryň ýadynda oňat galmagyna uly ýardam edýär.

     Okuwlar «Ýol hadysalaryndan ägä boluň!» ady bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýär. Bu gezekki düşündiriş, terbiýeçilik häsiýetli okuwlar, körpe nesillerimiz üçin uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara öwrüldi. Okuwlaryň arasynda bagtyýar çagalaryň köçe-ýol hereketine, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlap joşgunly aýdan goşgudyr-aýdymlary, ýerine ýetiren milli tanslary hem-de ajaýyp çykyşlary bu wagyz-nesihat, okuw-terbiýeçilik çäresini özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwürdi.

 

Gunça HATAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR