KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR

     Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň elimize gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän şanly ýylymyzda hemmämiz üçin hem iň ýakymly sowgatlaryň birine öwrüldi. Beýik söz ussadynyň saýlanan eserlerinden ybarat bolan bu ýygyndyda ýerleşdirilen şygyrlaryň ählisi biz — ýaşlara durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu ajaýyp kitabyň halkymyza gowuşan gününden bäri ýurdumyzda kitap bilen tanyşdyryş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Biz hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen täze neşire bagyşlap, şeýle hem beýik söz ussadynyň çuň many-mazmuna ýugrulan döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýat kitaphanasynda guralan bu täsirli söhbetdeşlikde edilen çykyşlardan görnüşi ýaly, şanly ýylymyz turuwbaşdan medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň galkynan döwri hökmünde taryhda aýratyn yz galdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bir hatarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň hem galkynyşy her ädimde görmek bolýar.

     Bagtyýar ýaşlar öz çykyşlarynda üstünden ençeme ýyllar geçse-de Magtymguly Pyragynyň beýik döredijiliginiň halkyň arasynda ýaşap, öz gymmatyny ýitirmän gelýändigini nygtadylar. Ynha, beýik söz ussadynyň ynsan kalbyna ýagşylyk nuruny çaýýan şygyrlaryndan ybarat bolan täze neşir bolsa Magtymguly atamyzyň wesýetleriniň, dürdäne pikirleriniň, pelsepewi garaýyşlarynyň, pähim-parasadynyň halklaryň, nesilleriň arasynda müdimilik ýaşamagyna giň mümkinçilik açar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmäge, nesillere miras galdyrmaga, halklaryň arasynda wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Azat AMANOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR