SUNGATYMA SARPAM BAR

     Ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň giňden baýram edilmegi we onuň çäklerinde Medeniýet, sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi halkymyzyň ruhy galkynyşynyň anyk beýanyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, galyberse-de tutuş dünýäde geçirilýän forumlardyr maslahatlar, medeni köpçülikleýin çäreler ruhy atamyzyň döredijiligine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Biz hem şanly ýylymyzda döwrüň sesine mynasyp ses goşmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda dürli mazmunly çäreleri geçirýäris. Golaýda şeýle çäreleriň birini Lebap welaýat kitaphanasynda hem geçirdik.

     Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bilen geçiren duşuşygymyz Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň many-mazmunyny içgin öwrenmäge, olaryň gymmatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda bagtyýar ýaşlar döwrümize, edebiýatymyza we sungatymyza sarpasyny çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Kitaphana işgärleriniň taýýarlan kitap sergisi bu günki çäräniň ähmiýetini has hem artdyrdy. Sergide ýerleşdirilen eserler, ýygyndylar we neşirler ýaşlaryň kalbyny ýakymly duýgulara gaplady.

 

Nigara GÜNDOGDYÝEWA,

TMÝG- niň Lebap welaýat

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR