GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe babadaýhanyň uly umyt bilen ene topraga sepen dänesi onuň alyn derine, yhlasly zähmetine eýlenip, altyn başly ak bugdaý bolup ýetişdi. Il sylagly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen başy başlanan galla oragy rysgal-bereketli Saýat etrabymyzda hem gyzgalaňly alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işleriň ilerlemegi, döwlete tabşyrylýan hasyl üçin höweslendiriş çäreleriniň ýola goýulmagy, halal zähmet çekmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi kärendeçi ýaşlaryň göwünlerini göterip, olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Çünki, gallaçylaryň zähmetinden türkmeniň rysgaly artyp, desterhanlarymyz mele-myssyk çörekden we çörek önümlerinden dolýar. Gallaçylaryň il-halk bähbitli asylly maksady diňe bir oba hojalyk ulgamynyň işgärlerini däl, eýsem, her bir adamy ýürekden begendirýär.

     Etrabymyzda däne oragyny guramaçylykly geçirmekde ýörite iş meýilnamasy düzülip, işçi toparlar döredildi. Daýhanlaryň çyn hossary bolan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden satyn alyp beren kuwwatly kombaýnlary orak möwsüminde gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly işläp, hasyly isripsiz ýygnamak işi guramaçylykly berjaý edilýär. Ýygnanan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda sürüjileriň ýadawsyz we uly yhlas bilen işleýändigini belläp geçmek gerek. Oraga işjeň gatnaşýan däne orujy kombaýynlaryň, mehanizatorlaryň, ýygnalan hasyly daşaýan awtoulaglara erk edýän sürüjileriň arasynda ýaşlar guramasynyň agzalarynyň köpdügi diýseň guwandyrýar.

     Ýaşlar guramasynyň işgärleri galla oragynda daýhanyň ýakyn ýardamçysy bolup, hasyl eýeleriniň armasyny ýetirmegi baş maksada öwürdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hormatly  Prezidentimiziň galla oragyny guramaçylykly geçirmek barada aýdylanlaryndan ruhlanyp, etrabymyzyň bol galla hasylyny ýetişdiren ýaş kärendeçileriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlerden satyn alyp beren kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryny bökdençsiz işledýän ýaş kombaýynçylaryň, şu ýylyň bereketli hasylyny ammarlara ýitgisiz çekýän ýaş sürüjileriň armasyny ýetirmek maksady bilen Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň galla meýdanynda aýdym-sazly dynç alyş çäresini geçirdiler. Çäräniň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdyp beren şirin aýdymlary, joşgunly tanslary hasda täsirli boldy. Dabaranyň ahyrynda bolsa öňdebaryjy, gallaçylara, kombaýynçylara, sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

     Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýer eýesine, daýhana berýän goltgy-hemaýatlaryndan ruhlanýan gallaçylarymyzyň ümzügi barha öňe. Muňa etrabymyzyň ähli daýhan birleşikleriniň daýhanlarynyň galla oragyna öz wagtynda we ýokary taýýarlykly girişendigi hem güwädir. Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

 

Nursoltan Maksudowa,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI