TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

     Şanly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz mynasybetli ýaşlary milli medeniýetimize, edebiýatymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen medeni we köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirýäris. Şeýle çäreleriň biri golaýda Lebap welaýat kitaphanasynda hem guraldy. Ýagny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň elimize gowuşmagy mynasybetli «Kalpda aýdyma öwrülen şygyrlar» ady bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen bi kitap halkymyz üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Pyragydan miras bize» atly giňişleýin kitap sergisine hem syn etdiler.

 

Akmyrat Nikolaýew,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI