DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň beýik şahyryna goýýan hormatynyň, onuň döredijiligine sarpanyň nobatdaky subutnamasydyr. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özi akyldar şahyryň döredijiligini, edebi-mirasyny dünýäde şöhratlandyrmak ugrunda giň gerimli işlere badalga berýär. 

     Biz hem bu ugurdaky işlerden çetde durmazlyk maksady bilen dürli mazmunly medeni we köpçülikleýin çäreleri geçirýäris. Golaýda şeýle çäreleriň birini Kerki etrabynyň Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde geçirdik. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap Kerki etrabynyň  harby bölüminde harby gullukçylaryň we esgerleriň arasynda «Magtymguly jahankeşde şahyr» at bilen guralan döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary G.Hydyrowa, G.Annamyradowa, harby bölüminiň harby gullukçysy maýor B.Soltanow çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda esgerler Soltansöýün Atajanow, Parahat Dörtgulyýew Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Etrabymyzda dürli kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiziň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden şygyrlaryny okamaklary çärä gatnaşanlarda has-da uly täsir galdyrdy.

 

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI