KÖŇÜLLERIŇ ŞAMÇYRAGY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän şanly ýylymyzda «Magtymguly» atly kitabyň, ýagny beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň çapdan çykmagy ýaş nesillere uly gollanma hökmünde ulanyljak ajaýyp kitap boldy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen bu ýygyndynyň ýaşlar üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Çünki akyldar şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun alýar. Biz hem şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda kitap bilen tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirýäris. Şeýle mazmunly çäreleriň birini Kerki etrabyndaky harby bölümde zähmet çekýän harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň arasynda hem geçirdik. Onda edilen çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni seýilgäh toplumynyň açylmagynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň—beýik şahyryň saýlanan eserleriniň çapdan çykmagynyň şanly ýylymyzyň iň ähmiýetli çäreleriniň biri bolandygy nygtaldy. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden okalan dürdäne setirler bu günki çäräniň ähmiýetini has hem artdyrdy.

 

Oýdin Aşirowa,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 17 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 43 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 17 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI