YLALAŞYK WE HYZMATDAŞLYK

     Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlar üçin ösen tejribelere, dünýä ülňülerine laýyk gelýän amatly şertleri döretmek, olaryň daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaklary üçin uly tagallalar edilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň dostlukly döwletimiz Özbegistan Respublikasy bilen alyp barýan gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Bilşimiz ýaly ýaňy-ýakynda türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşmagy hem iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýene bir ýol açdy. Bu festiwal Daşkent şäheriniň 2024-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty diýip yglan edilmegi bilen utgaşdyrylyp geçirildi. Oňa dünýäniň 150-den gowrak döwletlerinden wekiliýet gatnaşdy. Bu halkara çäräniň «Ylalaşyk we hyzmatdaşlyk» atly şygar astynda geçirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Festiwal Özbegistan Respublikasynyň birnäçe şäherlerinde öz işini alyp bardy. Onuň çäklerinde 27-nji iýunda Samarkand şäherinde ýaşlar forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde ýaşlaryň ylym-bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygynda eýeleýän ýokary ähmiýetli orny, global bilim forumy hakynda gürrüň edildi. Forumyň dowamynda çykyş edenler bilim ulgamy boýunça halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň barha kämilleşýändigini aýratyn nygtap geçdiler. Bellenişi ýaly, şeýle forumlaryň geçirilmegi dünýä döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda dostlugyň, doganlygyň has-da berkemegine ýakyndan ýardam edýär.

     Goý, ata Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

 

Aziz ROZYMURADOW,

TMÝG-nyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA