Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Gazagystan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özgertmeler eýýamymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň biri boldy. Bilşimiz ýaly, saparyň çäklerinde Milli Liderimiziň Astanada geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagy we onda taryhy çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz şol taryhy çykyşynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägini ulag-logistika taslamalary bilen birleşdirmek, täze energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek, söwda, senagat, maglumat tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça öňe süren teklipleri ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimler hökmünde bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Astana şäherinde ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň giň çäreler bilen utgaşmagy şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri hökmünde yz galdyrdy. Şu syýasy çäreler mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde edilen täsirli çykyşlarda iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljege uzaýan täze ugurlary dogrusynda aýratyn nygtaldy.
Dinara KARIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.