WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR

     Halaç etrap häkimligi, Lebap welaýatynyň polisiýa müdirliginiň Halaç etrabynyň polisiýa bölümi, etrap Bilim bölümi bilen bilelikde Halaç etrap merkezi kitaphanasynda wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Sagdyn we bagtyýar geljek üçin» diýen at bilen geçirilen bu ähmiýetli çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän maksatnamalar dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýaşlaryň ruhy-ahlak, aň-bilim we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan ähmiýetli işler barada durlup geçildi.

     Ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklaryny we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, olary watançylyk, ynsanperwerlik, ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň milli medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňlerinde durýan wajyp meseleler dogrusynda pikir alşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmakda, zyýanly endikleriň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

 

Ýaraş HAÝYTOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 1 okalan

MERDANA NESILLERIŇ BÄSLEŞIGI

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYŇ GELJEGI

03 Dekabr 2024 | 25 okalan

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA