GÜL DIÝARYŇ GOÝNUNDA ERKANA BIZ, ERKANA

     Çaga — durmuşyň güli, ýaşaýşyň şatlygy, biziň geljegimiz. Ine şu jähtden hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, olaryň saglyklaryny berkitmekleri, ýokary hilli bilim almaklary bilen bagly meseleler oňyn çözgüde eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaşlar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandyr. Çünki çagalaryň saglygyny goramak işini kämilleşdirmek we ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny berkidip, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek ýaly möhüm meseleler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şeýlelikde, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar hemmetaraplaýyn mähir bilen gurşalyp, olaryň döwrebap bilim almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.

     Körpeleriň tomusky dynç alyş günlerinde wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli dynç alyş merkezlerinde sport bäsleşikleri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle şowhunly bäsleşikleriň biri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem geçirildi. Sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde çagalar öz başarjaňlygyny görkezdiler. Ýürekleri buýsançdan doly çagalaryň bu üstünligi, olaryň  has-da kämilleşýändigini görkezdi.

     Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we ýaş nesillerimiz barada çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 1 okalan

MERDANA NESILLERIŇ BÄSLEŞIGI

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYŇ GELJEGI

03 Dekabr 2024 | 25 okalan

BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDUNDA