Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini dünýä ýaýmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligi bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň belent sarpasyna, söýgüsine mynasyp bolýar. Şahyryň şygyrlary tutuş adamzadyň gymmatly edebi mirasynyň bir bölegini düzýär. Häzirki döwürde şahyryň goşgulary halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýoluny, halkymyzyň berkararlygynyň, bitewüliginiň joşgunly senasy bolup köňüllere dolýar. Türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň köp dillere terjime edilmegi diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň beýik söz ussadyna we onuň şygyrlaryna gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Biz hem şanly ýylymyz mynasybetli ýaňy-ýakynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap Dänew etrabynyň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirdik. «Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak bilim çeşmesidir» diýen at bilen geçirilen bu maslahata etrabyň dürli kärhanalarynda we bilim edaralarynda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler beýik taryhy şahsyýetleriň ruhlaryny belende götermekde, halkymyzyň baý geçmişini, taryhy mirasyny, medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.