SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry bilen bilelikde, «Magtymguly» atly sahna oýnunyň görkezilişini geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen sahnalaşdyrylan bu ajaýyp oýunda türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orny tutýan, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň manyly ömri giňişleýin we täsirli beýan edildi. Keşpleriň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi hem-de onuň oýnuň saz bezegleri bilen ajaýyp sazlaşygy oýna gatnaşanlara ýatdan çykmajak ýakymly we buýsançly duýgulary bagyş etdi.

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar