WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda ýaşlaryň okuwdan boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, «Sport – sagdyn we berk bedenli bolup ýaşamagyň esasydyr» atly şygar bilen, sport çäresini geçirdi. 1-nji sport mekdebinde geçirilen çärä etrabymyzyň sport mekdeplerine gatnaýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Sport mekdebiniň döwrebap enjamlaşdyrylan woleýbol zalynda geçirilen ýaryşda 2012 – 2013-nji ýyllarda doglan okuwçy oglanlardan düzülen 5 sany topar özara bäsleşdiler. Ýaryşyň dowamynda ezberler öňe saýlanyp, «Berkarar» topary 1-nji, «Galkynyş» topary 2-nji, «Uçýan top» topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle ýaryşlar ýaşlaryň ykjam taýýarlygynyň kepiline öwrülýär. Kämil ýaşlary ýetişdirmäge ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir !

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2024 | 11 okalan

SPORT ÝARYŞLARY GURALDY

17 Awgust 2024 | 21 okalan

BIZ SUNGATY SÖÝÝÄRIS