«ARKADAG» ÝYLDYZY – ASMAN RÖWŞENI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy mynasybetli, «Arkadag» ýyldyzy – asman röwşeni» atly maslahat geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy hem-de ony tassyklaýan degişli güwänamanyň, ony düşüren teleskopyň we suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy mynasybetli ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, çykyşlarda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri barada giňişleýin bellenildi.

     Maslahatyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara ýol-ýörelge bolýan ajaýyp eserleriniň sergileri guraldy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar