BEREKETLI HASYLYŇ UGRUNDA

     Ýakynda Balkan welaýat häkimligi we welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň berýän goldawyndan, ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 50 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirendikleri, 80 müň tonna bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini görkezendikleri barada buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda bellenişi ýaly, ýylboýy çekýän zähmeti bilen welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary bu gün ýeriň, suwuň hakyky eýeleri boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlaryna giňden orun berildi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdyldy.

 

Hakmyrat KIŞJIKOW,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Öňki makala

GÖRELDE MEKDEBI

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT