Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Hünärim – köňül ganatym» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Oňa birnäçe kümüş saçly eneler, gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bu medeni çärede mähriban eneler gadymdan gelýän milli el işlerimiziň görnüşleri, olaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary dogrusynda täsirli gürrüň berdiler, şeýle hem «Jahan» döredijilik merkezinde zähmet çekýän ýaş mugallym zenanlar, milli el işlerimiziň nusgalaryny kämilleşdirip, döwrebap görnüşde ýerine ýetirilişini görkezdiler. Gyzykly söhbetler bilen birlikde, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çykyşlaryň her birinde milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Bibigözel AÝYMOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.