Ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletde bagtyýar nesiller» ady bilen aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Çärede çagalar sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşyp öz çalasynlyklaryny görkezdiler. Bagtyýar zamanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlar bolsa, çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Sport çäresine gatnaşan çagalara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa, çagalaryň ruhubelentligini artdyrdy.
Merjen JUMAMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.