Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň Aşgabadyň dokma toplumy bilen bilelikde gurnamagynda Nah egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «El hünäri il gezer» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýurdumyzda zenan mertebesine goýulýan sylag-sarpa barada, hormat hakynda giňden söhbet etmek maksady bilen geçirilen çärede çykyş edenler ýaş dokmaçylaryň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan el-işlerimizi, däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini wagyz etmek barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar dokmaçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Bilbil ANNAGURBANOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky IÝG-nyň uly buhgalteri.