KÖRPELERIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GUWANJY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäher medeniýet merkezi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi hem-de Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde, tomusky dynç alyşdaky çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli hem-de şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda “Körpelerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň guwanjy//Watanymyzyň geljegi hem daýanjy” atly şygar bilen, aýdym-sazly dabara geçirdi. Dabarada çagalar eziz Watanymyzy, abadan ýurdumyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, bagtly çagalygy wasp edip, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu dabara oňa gatnaşanlara ýatdan çykmajak duýgulary paýlady.

 

Meýlis ATAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.