Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlary barada taýsyz tagallalar edilip, olar üçin ählitaraplaýyn giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň ähli ugur-ulgamlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk ulgamynda hem ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk ulgamynda durmuşa geçirýän oňyn we aýdyň netijeli işlerinden ruhlanyp, yhlasly we önjeýli zähmet çekip, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösüşine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Oba hojalyk ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegi, adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda şeýle giň gerim bilen durmuşa geçirilýän ilhalar özgertmeler daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrýar. Sebäbi toprakdan bol we ýokary hilli hasyl alyp, eziz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak her bir daýhan üçin uly bagtdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmagy, ýerden alynýan önümiň mukdaryny ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna artdyrmagy, ekerançylyk meýdanlaryny netijeli, suwy tygşytly peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmegi oba hojalyk işgärleriniň öňünde baş wezipe edip goýýar. Şol wezipelerden ugur alyp, ýaş oba hojalykçylar özleriniň bilimini, ukyp-başarnyklaryny, yhlasyny, gujur-gaýratyny ene topraga siňdirip, işleriniň netijeli bolmagy ugrunda zähmet çekýärler.
Ekarançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleri bimöçberdir. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda we ýokarlandyrmakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň möhüm ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Olardan emeli ýagyş ýagdyryjy we damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny aýtmak bolar. Bu usullar ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýar we özüniň aýdyň netijesini berýär.
Oba hojalyk ulgamynda gazanylýan özgertmeler babadaýhanlarymyzy, ýaş kärendeçilerimizi buýsandyryp, olaryň zähmet joşgunyny artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýän “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmek hem-de ýaş kärendeçi daýhanlaryň çekýän asylly zähmetini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan hem öňdebaryjy, ýokary görkezijileri gazanýan ýaş kärendeçilere, daýhanlara, kombaýnçylara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.
Halkymyzy eşretli, bolelin zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin !
Gülşat GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.