GEÇMIŞDEN GELJEGE NUR SALÝAN MEDENIÝET

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna Geçmişden geljege nur salýan medeniýet atly gezelenç çäresini gurady. Bu çäre ýaşlaryň milli mirasymyza, taryhymyza, gadymy ýadygärliklerimize bolan söýgüsini artdyrmak, olary milli ruhda terbiýelemek maksadynda geçirildi. Çäräniň dowamynda bu ýerde ýerleşen “Daş metjit” halk senetleri muzeýine hem barlyp görüldi. Gezelençde goraghananyň ýörite wekili ýaşlara Köneürgenç topragynda ýaşap geçen beýik şahsyýetler, alymlar, ulamalar barada giňişleýin gürrüň berdi.

 

Mergen ÖWEZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 110 okalan

WATANYMYZYŇ BAGTYÝAR NESILLERI

19 Iýun 2025 | 68 okalan

ÝURDUMDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI